Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öňdebaryjy ýaşlaryň 62-sine Ýaşlar baýragy gowşuryldy

15:0116.11.2021
0
8424

Şu gün — 16-njy noýabrda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeň ýaşlary sarpalamak, olara Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 62-si Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylyp, şol ýyldan bäri hem beden we ruhy taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň