ITEA ilkinji IT marafonyny Türkmenistanda geçirýär

14:0616.11.2021
0
4867

ITEA – Halkara IT akademiýasy ilkinji IT marafonyny (marafon – öňdelik ugrunda ýaryş) Türkmenistanda geçirýär.

«ITEA»-nyň – Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanda geçirýän bu marafony (marafon – öňdelik ugrunda ýaryş) IT hünärmenleriniň, şeýle hem IT ulgamynda bilimlerini giňeltmeklik isleýän işewürleriň ähli üçin örän täsirli bolar.

«ITEA»-nyň – Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanda geçirýän ilkinji marafony (marafon – öňdelik ugrunda ýaryş) 22-nji noýabrda başlap, 25-nji noýabrda tamamlanar.

«ITEA»-nyň – Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanda geçirýän ilkinji marafonynyň Gün tertibi:

• Birinji güni, 22-nji noýabr – mowzuk: «Seljerijilere (analitiklere) we maglumatlara esaslanýan marketing dolandyryşy. «Data – driven»»;
• Ikinji güni, 23-nji noýabr – mowzuk: «IT ulgamynda söwda-satuw işi»;
• Üçünji güni, 24-nji noýabr – mowzuk: «C# üstünlikleri»;
• Dördünji güni, 25-nji noýabr – mowzuk: «Programma üpjünçiligini işläp düzmegiň ujypsyz aýratynlyklary (nýuanslary)».

«ITEA»-nyň – Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanda geçirýän ilkinji marafonyna gatnaşyjylaryň her biri internet torunyň üsti bilen halypalaryň kiçi wideosapaklaryndan we goşmaça maglumatlaryndan peýdalanyp bilerler.
Marafonda çykyş etjek spikerler maglumat tehnologiýasy, marketing we söwda-satuw ugurlaryndaky bilimlerini bu çärä gatnaşyjylar bilen paýlaşarlar. Mundan başga-da, her bir spiker marafona gatnaşyjylar üçin öý iş ýumuşlaryny taýýarlady.

Marafonyň öý iş ýumuşlaryny ýerine ýetiren gatnaşyjylaryna ýyldyz berler. Bu çäräniň 4 ýyldyz alan gatnaşyjylaryna ITEA – Halkara IT akademiýasy tarapyndan baýrak berler.

«ITEA»-nyň – Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanda geçirýän ilkinji marafonyna gatnaşmaga isleg bildirýänler:
1. @ itea.ashgabat instagram sahypasyna agza bolmaly.

2. @ itea.ashgabat instagram sahypasynyň «Direct» diýen ýerine «Men gatnaşýaryn» diýip ýazmaly.
3. Guramaçylar sizi «Telegram» hat-habar alyş-çalşygy ulgamynyň (messenjeriniň) ýörite toparyna goşup biler ýaly şahsy telefon belgiňizi ýazmaly.

«ITEA»-nyň – Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanda geçirýän ilkinji marafonyna gatnaşmaga isleg bildirýänlere habarlaşmaklyk üçin telefon belgi: +993 63426751

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň