13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk köpugurly hassahanada amala aşyrylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.
Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hassahananyň bölümleri, onuň enjamlaşdyrylyşy we merkeziň ugurdaş desgalary barada gürrüň berýän çyzgylar, taslamalar görkezildi. Bellenilişi ýaly, Hazaryň kenarynda gurulýan köpugurly hassahana enjamlaşdyrylyşy we bölümleriň ýerleşdirilişi barada häzirkizamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi, ugurdaş desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi ýurtda türkmen Lideriniň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.