Arhiw

“Johnson & Johnson” iki bölege bölüner

14:0013.11.2021
0
4137

Dermanlary we sarp ediş harytlaryny öndüriji Johnson & Johnson amerikan konsernini iki bölege bölmek meýilleşdirilýär, bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berdi.

Tutumyň maksady konserniň önümçiligini aýrybaşgalaşdyrmak bolup durýar, ýagny olaryň biri derman serişdelerini, beýleki kompaniýa sarp ediş harytlaryny öndürer.

Kompaniýalar öňdäki 1,5-2 ýylyň dowamynda peýda bolar.

Maýa goýumçylar bu habary oňlamak bilen kabul etdiler, habar peýda bolan dessine konserniň paýnamalarynyň her biri 171,5 göterim gymmatlady. Öň önümçiliklerini bölmek barada General Electric we Toshiba kompaniýalary hem habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň