Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işini gowulandyrmak boýunça teklipleri bermek bilen bagly onlaýn seminar guraldy.
Bu çäre Halkara ösüş boýunça rus hünärmenleriniň maksatnamasynyň çäginde BMGÖM-iň Russiýadaky merkeziniň goldawy bilen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň maliýeleşdirmeginde geçirildi.
Halkara geňeşçi hanym Anahit Smbatýan çärä gatnaşyjylary dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyryp, daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işini gowulandyrmak babatda degişli teklipler berdi.
BMGÖM-iň dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş boýunça programma analitigi Akmyrat Daňatarow seminaryň maksatlaryny belläp geçdi:
“Seminaryň maksady ýurduň eksport potensialyny giňeltmäge we ykdysadyýeti dikeltmek tagallalaryna goşant goşjak daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işini gowulandyrmak üçin teklipler bermekden ybarat”.
Bu çärä wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Döwlet haryt we çig mal biržasy, Döwlet gümrük gullugy, “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugy, Daşary ykdysady döwlet iş banky, Söwda-senagat palatasy, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi ýaly pudaklaýyn edaralaryň we ministrlikleriň wekilleri gatnaşdy.
Onlaýn seminar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň bilelikde durmuşa geçirýän “Türkmenistanyň söwda mümkinçiliklerini güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde geçirildi. Degişli taslama 2019-njy ýylda başlandy we söwda ösüşiniň täze çeşmelerini ulanmak hem-de halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen söwda potensialyny ösdürmäge, şeýle-de ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde bäsdeşlik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.