Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň futbol boýunça çempionatynyň 2021-nji ýyl möwsümi tamamlandy

18:4430.10.2021
0
6325

Şu günki geçirilen 7 sany futbol duşuşygy bilen Gazagystanyň futbol boýunça çempionatynyň 2021-nji ýylky möwsümi tamamlandy.

“Tobol” futbol topary ýurduň çempiony boldy, 2-nji orny bolsa “Astana” topary eýeledi. Bürünç medally üçünji orna bolsa Gurban Berdiýewiň tälim berýän “Kaýrat” futbol topary mynasyp boldy.

Aslynda, soňky duşuşygyň esasy aýratynlygy çempionlyk ugrundaky göreş bolup, şonuň bilen hem UEFA Çempionlar ligasynyň saýlama oýunlaryna ýollanma almakdy.

Gazagystanyň çempionatynyň tamamlanmagynyň öň ýanyndaky tapgyrda “Tobol” öňdeligi eýeleýärdi, netijede hem aýgytly duşuşykda mynasyp ýeňşini gazandy.

Kostanaýlylar Uralskda “Akjaýyk” toparyna garşy duşuşyk geçirip, özüniň arzyly ýeňşini we çempionlygyny baýram etdi. Duşuşyk 2: 0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. “Tobol” 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek çempionlyk gazandy.

“Astana” topary bolsa öz meýdançasynda “Turany” kabul etdi. Duşuşyk 1: 1 hasabynda deňme-deňlikde tamamlandy.

Beýleki geçirilen duşuşyklarda aşakdaky netijeler hasaba alyndy:

“Şahtýor” – “Atyrau” — 2:1, “Taraz” – “Kaýsar” — 1:2, “Žetysu” – “Kaýrat” — 0:0, “Kyzyl-Žar SK” – “Ordabasy” — 3:2, “Aktobe” – “Kaspiý” — 1:5.
“Astana” we “Kaýrat” toparlary Konferensiýa ligasynda çykyş etmäge gönümel ýollanma aldylar. Gazagystandan Ýewrokuboga gatnaşjak soňky gatnaşyjy ýurduň kubogynyň final tapgyryndan soň kesgitlener.

Ýokary diwiziondan çykýan toparlar: “Žetysu” (14-nji orun) we “Kaýsar” (13-nji orun), “Aksu” we “Maktaaral” toparlary hem olaryň ornuna ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandylar.

“Astana” toparynyň 34 ýaşly horwatiýaly hüjümçisi Marin Tomasow geçiren 17 goly bilen KPL-iň iň köp tapawutlanan futbolçysy boldy.

Gazagystanyň çempionatynda çykyş edýän türkmenistanly ýeke-täk futbolçy — Ruslan Mingazow “Hazar” toparynyň düzüminde geçiren 20 duşuşygynda 5 gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň