Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlary ekiş möwsümini tamamladylar. Bu sebitde geljek ýylyň hasyly üçin 50 müň gektar ýerden 80 müň tonna bugdaý ýygnamak meýilleşdirilýär.
Hazarýaka sebitiň zähmetsöýer ekerançylary ekişi bellenilen möhletde we ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirdiler. Şonuň bilen birlikde gögeriş alnan ýerlere ideg etmek, olary mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ekine öz wagtynda ösüş suwuny tutmak boýunça guramaçylykly işler alnyp barylýar. Maýsalaryň peýda bolmagy geljekki hasyl babatda oňaýly çaklamalary aýtmaga esas berýär.
Meýdanlary jogapkärli möwsüme taýýarlamakda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalarynyň işjeň ulanylmagy netijesinde daýhanlar ekiş üçin niýetlenen ýerleri ýokary hilli işläp taýýarladylar.
Bu sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan gymmatly dänelik ekiniň naýbaşy tohumlary öz wagtynda taýýarlanyldy.