Tokaýew Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi

16:1328.10.2021
0
1088
Tokaýew Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi. Onda şeýle ýazylýar:

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan ilkinji döwlet saparymyň ajaýyp guralandygy hem-de aýratyn myhmansöýerligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Doly ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri gazak-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň durnukly häsiýetini ýene-de bir gezek görkezdi.

Bilelikdäki Beýannamamyz hem-de saparyň dowamynda gol çekilen birnäçe döwletara we hökümetara ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitledi, doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagynyň maksat edinilýändigini aýdyň görkezdi.

Gazanylan ähli ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, sebitleýin halkara gatnaşyklaryň çäklerinde-de özara hereketleriň uly kuwwatyny has doly açmagyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Siziň bilen hoşniýetli şahsy gatnaşyklarymyza ýokary baha berýändigimi we muňa uly sarpa goýýandygymy aýratyn bellemek isleýärin. Ähmiýeti boýunça bahasyna ýetip bolmajak sowgatlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Bu sowgatlar iki ýurduň halklarynyň arasyndaky ruhy-medeni ýakynlygy hem-de köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini alamatlandyrýar.

Ýokary derejedäki işjeň gatnaşygy dowam etmek maksady bilen, özüňiz üçin islendik amatly wagtda Gazagystana döwlet sapary bilen gelmek barada Size beýan eden çakylygymy tassyklaýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, doganlyk Türkmenistanyň geljegine gönükdirilen asylly işleriňizde Size mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň