Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

13:4727.10.2021
0
1367

Eýran Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýan türkmen wekiliýetini şu gün – 27-nji oktýabrda ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi. Eýran Lideri Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň mümkinçilikleri barada şeýle diýdi: — Dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak iki ýurduň bähbidine bolar. Bu babatda üstaşyr we energiýa ugurlaryna aýratyn ähmiýet degişlidir.

Türkmenistanyň Tähran bilen nebit, gaz, ulag we söwda pudaklarynda umumy gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi barada R.Meredow belläp geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, türkmen tarapynyň Eýranyň owgan meseleleri boýunça garaýyşlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň