Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany 2060-njy ýyla çenli ugleroddan doly azat bolar

09:5526.10.2021
0
931

Dünýäde nebiti iň köp öndürýän ýurtlaryň biri bolan Saud Arabystany Patyşalygy 2060-njy ýyla çenli howa taşlanýan parnik gazlarynyň galyndylaryny doly aradan aýyrjakdygyny wada berdi.

Bu barada ýurduň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman Er-Riýadda geçen klimat maslahatynyň açylyşynda eden çykyşynda belledi we ýurduň bu maksada tarap ynamly barýandygyny habar berdi.

Şazada bu uzakmöhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmek üçin umumy möçberi 700 milliard riýal (190 milliard amerikan dollary) sarp etjekdigini sözüniň üstüne goşdy. Bu maksatnamada metan gazynyň hem howa taşlanýan möçberlerini azaltmak göz öňünde tutulýar.

Öz gezeginde bu ýurduň “Aramco” döwlet nebit kompaniýasy öz işinde howa taşlanýan hapa gazlaryň möçberlerini 2050-njy ýyla çenli doly aradan aýyrjakdygyny habar berdi.

Ýeri gelende aýtsak, Russiýa, Hytaý uglerod bitaraplygyna 2060-njy ýylda, Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýylda ýetmegi meýilleşdirýär. Döwletler bu ugurdaky maksatnamalaryny öňdäki noýabrda Glazgo şäherinde geçjek Bütindünýä foruma taýýarlygyň çäklerinde yglan edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň