Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy talyplara okuw wizasyny bermek üçin arzalary kabul edip başlar

20:0025.10.2021
1
43787

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 27-nji oktýabrdan talyplar üçin okuw wizalaryny bermek üçin arzalary kabul edip başlar. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Kabul etmek üçin ýazgy çarşenbe we anna günleri 09:30-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Russiýanyň ilçihanasynyň konsul bölümine gelenlerinde, talyplaryň ýanynda aşakdaky resminamalar bolmaly:

— doldurylan wiza anketalary;

— wiza resmileşdirmek üçin esas (RF-niň IIM-niň çakylygynyň ýa-da Russiýanyň DIM-niň kararynyň originaly/gysga elektron nusgasy);

— Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt we milli pasportlarynyň nusgalary;

— konsul ýygymy (RF-niň ilçihanasynyň konsul bölüminiň kassasynda tölenilýär).

Okuw wizasy resmileşdirilende, pasportyň hereket edýän möhleti wizanyň başlanýan senesinden 1,5 ýyldan öň tamamlanmaly däl.

Hökümet kwotasy (paýy) boýunça okuwa giren talyplar konsul ýygymyndan boşatmagyny sorap, diplomatiki wekilhananyň ýolbaşçysynyň adyna arza ýazyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň