Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada kafeleriň we restoranlaryň işiniň çäklendirmeleri ýatyryldy

17:0225.10.2021
0
3543

Ýaponiýanyň paýtagty koronawirus pandemiýasy sebäpli, 11 aý mundan öň kafeleriň we restoranlaryň işine girizilen soňky çäklendirmeleri ýatyrýar. “Ren.tv”-niň “NHK” salgylanyp habar berşi ýaly, 25-nji oktýabrdan Tokionyň ýaşaýjylary şäher häkimliginiň pandemiýa şertlerinde edaranyň kesgitlenen arassaçylyk kadalaryna doly laýyk gelýändigini görkezýän şahadatnamasy bolan ýerlerde halaýan tagamlaryndan lezzet alyp bilerler.

Tokiodan başga-da 25-nji oktýabrdan Osaka şäheriniň häkimiýeti we üç prefekturanyň — Saitamanyň, Kanagawanyň we Çibanyň häkimýetleri kafelere we restoranlara bolan çäklendirmeleri aýyrar. Indi naharhanalar sagat 20:00-dan soň hem işläp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, bir stolda dörtden köp adamy ýerleşdirmäge rugsat berlip, sanitariýa talaplaryna laýyklykda, kafede stollar bilen myhmanlaryň arasynda zerur şertler göz öňüne tutulmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň