Türkmenistanly türgen Emirhan Esenow Russiýa Federasiyasynyn Moskwa şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.
Biziň ildeşimiz dünýä kubogyndaky ilkinji üç tutluşygynda Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekillerinden üstün çykdy. Finalda bolsa ol russiýaly Dmitriý Lewaşowdan utulyp, ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady.
Ýeri gelende aýtsak, Guşakly göreş boýunça dünýä kubogy 22 ― 24-nji oktýabr aralygynda geçirildi. Oňa dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 100-den gowrak türgen gatnaşdy.