Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary: Milli tejribe” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet saýty habar berýär.
Çärä ýokary okuw mekdebiň pedagog-mugallymlary we ýaş hünärmenleri, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň psihologiýa we pedagogika kafedralarynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda ýokary okuw mekdeplerinde psihologiýany we pedagogikany okatmagyň usullary we bu ugurda toplanan tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem çäräniň barşynda sapaklary geçirmegiň täsirli usullary, talyplaryň maglumatlary doly özleşdirmekleri üçin olary hödürlemegiň ýollary barada nygtaldy.
Şeýle-de okaň: