Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä sanawyna goşulmagyň ýolunda

10:2323.10.2021
0
18567

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekde iň öňdebaryjy uniwersitetleriň bütindünýä sanawyna girmegi maksat edinip, dünýäniň ýöriteleşdirilen ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Soňky wagtlarda halkara nebit we gaz uniwersiteti Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasy (IAU) boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Uniwersitetiň kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiri Maksat Çüriýewiň degişli hyzmatdaşlygyň ugurlary barada «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusyny ýetirýäris:

- Uniwersitet 2013-nji ýyldan bäri IAU-nyň agzasy bolup durýar. Onuň çäginde amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk örän öndürijilikli bolup, muňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň bu döwürde gazanan birnäçe halkara baýraklary hem şaýatlyk edýär. Baýraklar Ýewropa işewürler assambleýasynyň Sokrat komitetiniň Ýewropa hil assambleýasy (Oksford, Angliýa) tarapyndan hem gowşuryldy.

Uniwersitetiň ýokary derejeli baýraklary ylym we bilimiň ösmegine, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanmagyna möhüm goşant goşandygy üçin berlen SEIN birleşiginiň halkara bäsleşiginiň diplomyndan, altyn medaldan, hormat nyşanyndan ybaratdyr.

Şu ýylyň iýul aýynda IAU sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 6 webinardan ybarat bolan “Resmi däl geljek üçin innowasiýa bilimi” (IE4UF) taslamasyna başlady. Olaryň soňky ikisi 30-njy sentýabrda we 14-nji oktýabrda geçirildi. Bu sessiýalaryň hersine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň wekilleri bilen birlikde dünýäniň çar künjeginden 600 töweregi wekil gatnaşdy. Oktýabr aýynda uniwersitet IAU tarapyndan kitabyň “Ýokary bilimiň geljegi” we “Ýokary bilimiň özgerýän gurşawynda kodlaşdyrmagyň gymmatlyklary” atly iki bölüminiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan ýörite webinara gatnaşdy.

Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň ýolbaşçylarynyň we Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň gatnaşmagynda duşuşyk guramagyň üstünde işleýäris, şu wagt bolsa ony geçirmegiň görnüşi ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, uniwersitetimiz Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasy, Malaýziýa, Rumyniýa, Belarus, Birleşen Arap Emirlikleri, Ukraina, Koreýa Respublikasy, Özbegistan ýaly ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Olar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk milli başlangyçlaryň, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň “Erazmus +” taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Oktýabr aýynyň ortalaryndan başlap, uniwersitetimiziň Kompýuter hasaplaýyş merkezi PETRONAS (Malaýziýa) Tehnologiýa uniwersiteti bilen bilelikde FreeCAD we beýleki ösen sanly programma üpjünçiligini ulanmak endiklerini özleşdirmekde talyplar üçin wideoaragatnaşyk arkaly dürli hünär okuwlaryny geçirýär. Bu sapaklar noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Şu aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň wekilleri “Erazmus +” wirtual taslama ýarmarkasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara konferensiýasyna gatnaşarlar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň