Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda polipropilen haltalaryny öndürýän zawod işe girizildi

17:0923.10.2021
0
15314

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet saýtynyň habar berişi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Aziýa plastik” zawody 1-nji oktýabrdan bäri köp sanly materiallar üçin polipropilen haltalaryny öndürip başlady. Häzir bolsa awtomatik liniýalarda 50-60 kilogram agramly unlary daşamak üçin niýetlenen haltalar öndürilýär.

Zawodyň önümçiliginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanly polimer zawodynda öndürilen içerki çig maldan peýdalanylýar. Täze kärhananyň kuwwaty aýda 100 tonna polipropileni gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

“Aziýa plastik” zawodynda sumkalary, gaplamak üçin matalary we plastik lentalardan tehniki dokma önümlerini öndürmekde senagat zawodlarynda giňden peýdalanylýan öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly “Starlinger” enjamlary ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň