Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hususy kärhanasynyň öndüren aýakgaplary ilkinji gezek Gruziýa eksport edildi

16:4023.10.2021
0
16815

Şu hepdede Mary welaýatynda ýerleşýän “Sada dostluk” hususy kärhanasy aýakgap önümlerini, şol sanda ädikleri we galoşlary Gruziýa ilkinji gezek esport etdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet portaly sahypalarynda beýan edýär.

Mundan ozal, kärhananyň önümleri sebitiň Gyrgyzystan we Owganystan ýaly döwletlerine eksport edilýärdi.

“Sada dostluk” hususy kärhanasy 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Bu ýerde polimer çig malyndan 30-dan gowrak galoş, aýakgap we beýleki önümler öndürilýär. Çeşmäniň habar bermegine görä, ýakyn geljekde kärhana sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň