Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB «Cash back» hyzmatynyň möhletini uzaldýar

14:3523.10.2021
1
14723

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmagy dowam edýär. Bank tarapyndan hödürlenýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, «Goýum bank karty» saklaýjy müşderilerine we kärendeçileriň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjy müşderilere amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça 2 göterim möçberli «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýandygyny habar berýär.

Bankyň müşderileri tarapyndan Türkmenistanyň söwda we hyzmat edýän nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirenlerinde, ähli geçirilen amallaryň 2 göterim derejesinde «Goýum bank karty» we «Altyn asyr» bank kartlaryna pul sylagy görnüşinde yzyna gaýtarylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Tokmak ( 02.12.2021 )

Gyzyklandyrýan hyzmat. Şuny belli bir möhlet bilen däl-de dowamly görnüşde hödürleseler, Daýhanbanka geçerdim.

2