Soňky habarlar

Arhiw

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi

22:4620.10.2021
0
8991

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işi, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

Şu gün geçirilen türkmen-russiýa ykdysady forumy netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň has amatly geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Bu foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, dürli ugurlardaky bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek, Russiýanyň işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýän birnäçe iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ulgamda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat merkezleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bu gezekki foruma Russiýanyň 50-den gowrak sebitleriniň we şäherleriniň söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň işiniň dowamynda eksport hem-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleri we onuň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň täze şertlerde maýa goýum taslamalaryna, ykdysady gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryna seljerme berildi.

Işewür duşuşygyň maksatnamasyna senagat we gurluşyk önümçiligi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, obasenagat, enjamlaryň önümçiligi, dokma önümçiligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Iki ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri ýokarda agzalan pudaklar boýunça özleriniň eksport kuwwatyny we import boýunça bildirýän gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň eksport-import çärelerini kadalaşdyryjy işi bilen tanyşdyryldy.

Işewür duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

Telekeçilik düzümleriniň derejesinde gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekki russiýaly hyzmatdaşlar hususy işewürligi ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri guramak üçin, Türkmenistanda döredilen şertler bilen tanyşdyryldy.

Onlaýn-foruma gatnaşyjylar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, şu gezekki duşuşygyň ykdysady hem-de aň-paýhas kuwwaty has doly peýdalanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny nygtadylar.

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň