Murgap jülgesiniň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny — gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu möwsüme nekirt etmek — täze işe sähetli günde başlamak üçin Sakarçäge etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Ogulbossan Daňatarowanyň gant şugundyrynyň bitginli hasylyny ýetişdiren 3 gektar kärende ýerini saýlap aldylar. Öz ekin ýerinden bugdaýyň ýokary hasylyny almagy başaran tejribeli daýhan hut şu ýerden ikinji ekininiň hem her gektaryndan azyndan 145 sentner hasyla garaşýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Şu ýyl şugundyr ekini Mary welaýatynyň 10 etrabynda 14 müň 900 gektar ýerde ekildi. Ýerler ýörite hünärmenler tarapyndan suwuň we topragyň amatlyklary nazarda tutulyp, saýlanyp alyndy. Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Şeýle ekini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlary hem şu ýyl şugundyra 200 gektar ýer bölüp berdiler. Bellemeli ýagdaý, bu möwsümde ýygnamaly şugundyr hasyly diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdirildi.
Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda hem jemi 3 müň gektarda şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.
«Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şugundyry gaýtadan işleýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk kärhanadyr. Ulanyljak tehnikalary, ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlaryny, kärhananyň önümçilik desgalarynydyr enjamlaryny işjeň we ygtybarly ýagdaýa aýny wagtynda getiren bu kärhanada şu möwsümde 200 müň tonnadan gowrak şugundyr hasylyny kabul etmek meýilleşdirilýär.
Balkan welaýatynda gurluşygy dowam edýän şeýle ugurly kärhananyň işe girizilmegi bolsa geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we saçaklarymyzyň bezegi bolan şekerdir süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berer.