Soňky habarlar

Arhiw

Ertir türkmen milli senenamasynda akrap döwri başlanýar

17:3222.10.2021
0
1274

Ata-babalarymyzyň ulanan milli senenamasy boýunça akrap döwri 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mizan döwrüniň ugradylyp, akrabyň garşy alynýan döwründe howada birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Mundan sähelçe wagt ozal hem «Ýaz gaýtadan gelip, goşa ýaz bolaýjakmyka?» diýdiren howa birden sowap ugraýar. Guşlar topbak-topbak bolup, demirgazykdan gündogara tarap uçup başlaýarlar. Ine, şeýdip hem olar adamlara sowuk günleriň ýetip gelýändigini ilkinji bolup duýdurýarlar.

«Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgy hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Hakykatdan-da, akrap gelen gününden başlap, howanyň ýagdaýy üýtgeýär. Howa gijelerine biçak sowap, käte oba hojalyk ekinlerini sowuk urýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçinem, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýipdirler. Mizan gelenden soňra öwsen ýeli diňe agaçlaryň sary ýapraklaryny şahasyndan düşürýän bolsa, akrap gelenden soň, gijelerine suwuň doňmagy bilen, köp ösümlikleri sowuk urýar. Kemine şahyryň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýşi ýaly, iniňi tikenekledýän sowuk şemal eýýäm gyşyň ýetip gelýändigini ýatladýar. Käbir ýyllarda daýhanlar giçki hasylyny ýygnap hem ýetişmeýärler. Ýöne bu ýagdaý seýrek bolýar. Kä ýyllar tä 23-nji noýabrda garagyş başlanýança, ekinleri sowuk urmaýar. «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» diýen aýtgy hem bardyr. Bary-ýogy bir aý dowam edýän akrap döwri daýhanlara-da, maldarlara-da gyşyň ýetip gelýändigini ýatladýar. Sebäbi gowy taýýarlyk görülmese, adyndan belli bolşy ýaly, 23-nji noýabrda başlanýan garagyş olaryň azabyny reýgan edip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň