Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply hususyýetçiler 116 million 581 müň manatlykdan gowrak oba hojalyk we azyk önümlerini öndürdiler

16:1722.10.2021
0
630

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 116 million 581 müň manatlykdan gowrak oba hojalyk we azyk önümlerini öndürdiler we söwda nokatlaryna ugratdylar. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25 million 804 müň manatlykdan köpdür.

Mundan beýläk hem önümçiligi artdyrmak ugrunda hem alada edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlarynyň we buýruklarynyň esasynda welaýatda 38 sany ýyladyşhanalary gurmak üçin 113, 8 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Şu möwsümde olaryň 20-isinde ekin ekildi. Ýene-de 11 sanysy döwlet kabul ediş toparyndan geçirildi. 4 sanysynda döwlet kabul ediş toparyndan geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň