Soňky habarlar

Arhiw

Klinton hassahanadan goýberildi

11:4020.10.2021
0
866

Gan keseli bilen bagly hassahana düşen ABŞ-nyň öňki Prezidenti Bill Klinton öýüne goýberildi. Bu barada onuň wekili Anhel Urenýa habar berdi.

“Ganyň derejesi we leýkositleriň möçberi kadalaşdy, Klinton Nýu-Ýorkdaky öýüne goýberildi” diýip, Urenýa “Twitterdäki” sahypasynda ýazdy.

75 ýaşly Klintonyň sepsis keseli bilen keselländigi 12-nji oktýabrda belli boldy. Ol Kaliforniýanyň Irwin uniwersitetiniň lukmançylyk merkezine ýerleşdirildi.

Bill Klionton 1993-2001-nji ýyllarda ABŞ-nyň Prezidenti boldy. Şeýle-de Arkanzas ştatynyň gubernatory boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň