Türkmenistan Russiýa pomidor eksportyny artdyrýar

23:4219.10.2021
0
11487

Türkmenistandan Russiýa ugradylýan ýyladyşhana pomidorlarynyň eksporty 2021-nji ýylyň 8 aýynyň dowamynda 32 müň tonna çenli, takmynan iki esse artdy. Munuň netijesinde bolsa Türkmenistan Russiýa ýyladyşhanada ösdürilen pomidorlary eksport edýän ýurtlaryň sanawynda 4-nji orny eýeleýär.

“EastFruit”-yň bilermenleriniň bellemeklerine laýyklykda, Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky beýle netijesi ýylyň täsin wakasy bolup durýar. Russiýa bazarynda Türkmenistan eýýäm eksport mukdary boýunça Ermenistan, Gazagystan, Hytaý, Eýran we Müsür ýaly ýurtlardan geçmegi başardy.

Türkmen telekeçileri dünýäde meşhur bolan çerri, rugantino we fulton ýaly pomidorlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Türkmenistanda pomidorlar ýylboýy ýyladyşhana şertlerinde öndürilýär. Munuň üçin enjamlar, esasan Ýewropa ýurtlaryndan satyn alynýar. Döwrebap ösdürip ýetişdirmek tehnologiýalary ýokary netijeli işi bilen tapawutlanýar.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary 37 müň 750 tonna pomidor öndürip, daşary ýurtlara eksport etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň