Arhiw

Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin Aşgabatda saýlaw uçastogy hereket eder

10:1919.10.2021
0
8911
Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin Aşgabatda saýlaw uçastogy hereket eder

Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan özbek raýatlary 24-nji oktýabrda Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna Aşgabat şäherinde ses berip bilerler.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 24-nji oktýabrda, ilçihanada 42-nji saýlaw uçastogy dörediler we ol öz işini 06:00-dan 20:00-a çenli alyp barar.
Ilçihananyň salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly şaýolunyň ugrundaky 50-nji A jaýy.

Saýlawçylaryň Döwlet sanawyna girizilmegi baradaky soraglary anyklamak üçin Özbegistan Respublikasynyň raýatlary ilçihananyň aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip maglumat alyp bilerler:

  • +99312369062;
  • +99312369055;
  • +99312369058;
  • +99364756655.

Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň