Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşarlar

08:0018.10.2021
0
3764

Türkmenistanyň tennisçiler ýygyndy topary, Dewis Kubogy ugrundaky ýaryşy Yragyň ýygyndy toparyna garşy oýnamak bilen başlarlar. Ildeşlerimiz Aziýa we Okeaniýa zolagyndaky bu tapgyryň IV toparynda Isa Town (Bahreýn) şäherinde geçiriljek oýunlarda çykyş ederler.

Dewis Kubogy ugrundaky Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III bäsleşigine gatnaşmak ugrunda üç topara bölünen 12 bäsdeşler ýygyndysy çykyş edýär: «A» toparynda — Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Guam, Bahreýn; «B» toparynda — Türkmenistan, Oman, Yrak, Mongoliýa; «Ç» toparynda — Eýran, Kamboja, Gyrgyzystan, Ýemen.

Her topardan birinji we ikinji orny eýelän iki ýygyndy «playoff» tapgyryna çykar, ýeňijiler bolsa geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III bäsleşiginde oýnamaga hukuk gazanarlar.

Bahreýndäki ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda «ýurdy baglan» tennisçisi Isa Mametgulyýew, tennisçiler Ýuriý Rogusskiý, Atlymyrat Gurbanow, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Hajymyrat Çaryýew, Gurbangeldi Sähedow dagy oýnar. Toparyň kapitany – milli ýygyndynyň baş tälimçisi Miraly Gasanow.

Türkmen tennisçileri 2004-nji ýyldan bäri Dewis Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde çykyş edýärler. Olar 2015-nji ýylda bu ýaryşlarda iň gowy netijeleri gazanyp, Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III ýaryşynyň «playoff» tapgyryna çykdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň