Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» ozal satyn alnan petekleri yzyna tabşyrmagyň möhleti barada maglumat berdi

13:5518.10.2021
0
39855

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ozal satyn alnan petekleri yzyna tabşyrmak bilen bagly ýüze çykýan sowallar barada maglumat berdi. Bu maglumatlary «Atawatan Türkmenistan» neşiri awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasyna salgylanyp paýlaşdy.

Şol maglumata laýyklykda, öň satyn alnan awiapetekleriň möhleti dolýandygy sebäpli, awiapetekleri iň gysga wagtyň içinde we 2021-nji ýylyň 30-njy dekabryndan gijä galman yzyna gaýtaryp bermek haýyş edilýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu kompaniýadan satyn alnan awiapetekleriň möhletiniň dolmagy sebäpli onuň yzyna gaýtaryp bermek babatdaky amallaryň resmileşdirilmelidigi göz öňünde tutulýar.

Biletleriň yzyna gaýtaryp berilmegi babatda THY-nyň Aşgabat bilet satuw ofisine ýüz tutup bolar (Atatürk köçesi No: 82, ofis A7-A8 / “Berkarar” Işewürlik merkezi 1-nji gat, Tel: + 99361 01-44-33).

Mälim bolşy ýaly, dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlary wagtlaýyn çäklendirildi. Şonuň üçin Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy häzirki wagtda diňe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Umuman, bu kompaniýa wagtlaýyn çäklendirmelerden bäri 20-den gowrak ýörite uçar gatnawyny amala aşyryp, gatnawlaryň aglabasy Stambul-Türkmenabat-Stambul hem-de Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça amala aşyrylýar.

Öňümizdäki döwürde kompaniýa 4 sany halkara uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Olaryň biriniň şu ýylyň 24-nji oktýabrynda ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Bu halkara ýörite gatnawlar baradaky habarlary uçar gatnawlarynyň amala aşyrylmaly senesi golaýlan wagty okyjylar köpçüliginiň dykgatyna iň gysga wagtda ýetireris.

Soňky gezek “Türkhowaýollary” kompaniýasy 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň