Aşgabatda Abu Bekr ibn Muhammet as-Sula bagyşlanyp konferensiýa geçirildi

18:2213.10.2021
0
6718

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Abu Bekr ibn Muhammet as-Suly” atly mowzukda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet saýty habar berýär.

Bu çärä ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, şeýle-de ýöriteleşdirilen küşt mekdebiniň tälimçileri we Aşgabadyň esasy sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň hünärmenleri, meşhur türkmen küştçüleri gatnaşdy.

Orta asyrlaryň görnükli küştçüsi Abu Bekr Muhammet ibn Ýahýa al-Suly asly türkmenlerden bolup, Bagdatda ýaşapdyr. Ol görnükli ensiklopediýaçy alym, şahyr, filolog, taryhçy hasaplanyp, küşt oýnunyň ussady hökmünde meşhur bolupdyr. 40 ýyllap öz döwrüniň iň güýçli garşydaşlary bilen duşuşyp, ýekeje duşuşygynda hem ýeňilmändir.

Maslahatda çykyş edenler ata-babalaryň häzirki nesilleriniň bu gadymy oýnuň ýaşlykdan başarnyklaryny özleşdirýändiklerini we halkara arenasynda uly üstünlikleri gazanýandyklaryny bellediler. Şu gadymy ýörelge esasynda hem 7 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen küştçüleri 2013-nji ýyldan bäri jemi 13 medal gazandylar, olaryň 6-sy altyn, 2-si kümüş we 5-si bürünç medallardyr.

Degişli çeşmäniň habar bermegine laýyklykda, 2019-njy ýylda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda hem türkmen küştçüleri umumylykda 10 medal gazandy — 5 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç. Şunlukda olar 16 sany toparyň arasynda umumy sanawda üçünji baýrakly orny eýelediler.

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň