Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow FIFA-nyň Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda geçiren onlaýn duşuşygyna gatnaşdy

11:4009.10.2021
0
5152
Arslanmyrat Amanow FIFA-nyň Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda geçiren onlaýn duşuşygyna gatnaşdy

Halkara futbol federasiýasy milli ýygyndylaryň toparbaşylarynyň gatnaşmagynda onlaýn duşuşyk geçirdi. Bu barada HFF-niň resmi saýty habar berýär.

HFF-niň prezidenti Janni Infantinonyň açmagy bilen başlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda 4 ýyldan bir gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriliş wagty bilen bagly pikirler beýan edildi.

Duşuşykda HFF-niň ösüş we mahabat bölüminiň başlygy Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda geçirilen onlaýn gürrüňdeşlige Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň toparbaşysy Arslanmyrat Amanow hem gatnaşdy.

Şeýle-de bu webinaryň barşynda Arsen Wengeriň futbol boýunça dünýä çempionatyny 2 ýyldan bir gezek geçirmek baradaky pikir maslahatlaşyldy. Wengeriň bu pikiri bilen ylalaşanlar-da, tersine ähi düzgünleriň öňküligine galmagyny goldap çykyş eden futbolçylar hem boldy. Onlaýn pikir alyşmanyň netijesinde her bir oňa gatnaşyjy toparbaşy degişli mesele dogrusyndaky pikirini aýtmaga mümkinçilik aldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň toparbaşysy A.Amanow öz gezeginde çykyş edip, HFF-niň öňe sürýän pikirini makullady. Onuň bellemegine görä, futbol boýunça dünýä çempionatynyň her 2 ýyldan geçirilmegi diňe bir futbolçylar üçin däl-de, eýsem ýaşlar üçin hem tejribe toplamaga şert döreder.

Onlaýn duşuşyga Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarymgoragçysy Sami Hedira ýaly meşhur futbolçylar hem gatnaşdylar.

Ýadymyzda bolsa 2021-nji ýylyň maýynda HFF dünýä çempionatyny her 2 ýyldan geçirmek meselesini nazara alyp başlapdy. Bu täzeçe çemeleşmäni 166 federasiýa goldady. Bu bolsa HFF-niň düzümine girýän 211 assosiasiýanyň üçden iki böleginden hem köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň