Arhiw

Türkmenistanyň telewideniýesi 15-17-nji oktýabr aralygynda 8 sany futbol duşuşygyny göni efirde görkezer

19:2512.10.2021
0
7695
Türkmenistanyň telewideniýesi 15-17-nji oktýabr aralygynda 8 sany futbol duşuşygyny göni efirde görkezer

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalarynyň ýaryşlaryny göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirmegini dowam edýär. 2021-nji ýylyň 15-17-nji oktýabry aralygynda türkmen teletomaşaçylary “Barselona”, ​​“Walensiýa”, “Bawariýa”, “Pari-Sen-Žermen”, “Milan”, “Borussiýa Dortmund” we beýleki iň meşhur futbol toparlarynyň gyzgalaňly duşuşyklaryna göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda ýetirilýän göni ýaýlym duşuşyklarynyň sanawy bilen tanyşmagy maslahat berýäris. Futbol duşuşyklarynyň teswirlemesi türkmen dilinde alnyp barlar.

Duşuşyklaryň ýaýlymlarynyň tertipnamasy (Aşgabat wagty bilen)

15 oktýabr

  • 23:55. Ligue 1 (Fransiýa) — “Pari-Sen-Žermen” - “Anže”;
  • 16:25. Premýer liga (Angliýa) — “Fulhem” - “Kwinz Park Reýnjers”.

16-njy oktýabr

  • 18:25. Bundesliga (Germaniýa) — “Borussiýa Dortmund” – “Maýns 05”;
  • 23:55. Seriýa A (Italiýa) — “Milan” – “Werona”;
  • 15:55. Ligue 1 (Fransiýa) — “Trua” – “Nissa”.

17-nji oktýabr

  • 18:25. Bundesliga (Germaniýa) — “Baýer 04” – “Bawariýa”;
  • 20:25. Bundesliga (Germaniýa) — “Augsburg” – “Arminiýa”;
  • 23:55. La Liga (Ispaniýa) — “Barselona” – “Walensiýa”.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň