Halkara aýdym-saz bäsleşigi bolan “Ýewrowideniýe” 2022-nji ýylda Italiýanyň Turin şäherinde geçer, bu barada ýurduň RAI radiotelekorporasiýasynyň ýolbaşçylary golaý günlerde resmi mälim ederler diýip, ANSA habarlar gullugy ýazýar.
Ýewropaly sazandalary jemleýän bäsleşigi geçirmek üçin Milan, Bolonýa, Rimini we Pezaro şäherleriniň isleg bildirendigi habar berilýär. Italiýa bu aýdym-saz şüweleňini geçirmek hukugyna maýda Rotterdamda geçen bäsleşikde “Maneskin” italýan aýdym-saz topary “Zitti e Buoni” aýdymy bilen ýeňiş gazanandan soň eýe bolupdy.
Ilkibaşda bäsleşigi geçirmek barada ýurduň şäherleriniň 17-si meýil bildiripdi, şeýle isleg bilen şäherleriň 11-si resmi ýüz tutdular.
Emma Ýewropanyň alyp eşitdiriş bileleşiginiň we Rai radiotelekompaniýasynyň wekillerinden düzülen topar Rimi hem goşmak bilen, şäherleriň 6-syny dalaşgärlikden aýyrdy.
Bu şüweleň ikibaşda RAI-niň guramaçlygynda döredilipdi, Italiýa onuň üç gezek ýeňijisi boldy.
Ýeri gelende aýtsak, Turin şäherinde 1980-nji ýylda Ýewropa we 1990-njy ýylda Dünýä boýunça futbol çempionatlary geçirilipdi.