Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada hem koronowirusa, hem grippe garşy sanjym synag edilýär

16:5110.10.2021
0
7557

Dümew we koronawirusa garşy bir sanjymyň kliniki synaglary 2022-nji ýylyň ahyrynda başlar diýip, Gamaleýa merkeziniň müdiri Aleksandr Gintsburg metbugat sahypalaryna habar berdi.

Rus alymynyň pikiriçe, geljekki waksinalaryň tehnologiki platformasy rotawirusa we koronawirusyň dürli görnüşlerine garşy gibrid sanjymdan ybarat bolar.

«Täze platforma özüni gowy görkezýän bolsa, gripp gemagglutinin antigenlerini we şoňa laýyklykda bir sanjymda koronawirus S-beloklaryny birleşdirmek mümkinçiligine geçmegi meýilleşdirýäris».

Gibrid sanjym, bu kesellere ýokaşan mahaly ölümi azaltmak üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň