Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabi Türkmenistany syýahatçylaryň täzelenen “Ýaşyl sanawyna” goşdy

11:0209.10.2021
0
41836

Türkmenistan Abu-Dabiniň syýahatçylar üçin “Ýaşyl sanawyna” gaýtadan goşuldy. Bu barada Visit Abu Dhabi saýtyna salgylanmak bilen, The National saýty habar berýär.

Abu-Dabi emirligi 8-nji oktýabrdan başlap, “Ýaşyl sanawa” girýän 80 döwletden BAE-niň paýtagtyna gelýänler üçin saglyk çäklendirmelerini doly ýatyrýar.

Şol sebäpden hem bu ýere gelýänler Abu-Dabi şäherinde saglyk çäklendirmesini geçmezler, olar diňe ýerli howa menziline gelendigi barada PCR testirleme barlagyny geçerler. “Ýaşyl sanawdaky” döwletlerden gelýän raýatlaryň COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilmedikleri bolsa Abu-Dabide 3 gezek — gelen günleri, alty gün soň hem-de 12 gün soň degişli testirleme barlagyndan geçiriler.

“Ýaşyl sanaw” Birleşen Arap Emirliklerine gelmäge rugsatly adamlary raýatlygyna görä däl-de, gelýän ýurduna laýyklykda kesgitleýär. “Ýaşyl sanawdan” beýleki ýurtlardan gelýänler üçin bolsa Abu-Dabide PCR testinden başga-da, 12 günlük hökmany saglyk çäklendirmeleri geçirilýär.

Mundan başga-da, Abu-Dabi emirliginiň Saglygy goraýyş we öňüni alyş ministrligi Russiýanyň “Sputnik V” waksinasyny resmi ykrar etdi, şunlukda bolsa bu sanjymy alanlara şähere girmäge mümkinçilik döredi. Şähere girmek üçin bolsa syýahatçylar 48 sagatda sanjym kepilnamasy goşulan Register Arrivals Form resminamasyny doldurmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň