Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2022-nji ýylda zähmet haklary ýene-de 10 göterim ýokarlanar

22:4108.10.2021
0
58966

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün – 8-nji oktýabrda geçiren Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şeýle-de Türkmenistanda aýlyk haklarynyň iň pes derejesi kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň