Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana benzini iň kän eksport edýän döwletleriň ilkinji üçlügine girýär

18:0107.10.2021
0
5758

Türkmenistan Özbegistana benzin eksport edijileriň arasynda ilkinji üçlükdäki ornuny saklaýar. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berdi.

Maglumatlar şu ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynyň aralygyny öz içine alýar. Sekiz aýda Özbegistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 100 million dollary bolan 281,6 million litr benzin satyn aldy.

Şunça mukdaryň 121 million litri Türkmenistandan import edilen benzindir.

Özbegistana şu ýyl benzini iň kän eksport eden döwletleriň başynda 139 million litrlik mukdar bilen Russiýa gelýär. Türkmenistanyň ikinji orny eýeleýän sanawynda üçünji orun 16 million litr benzin bilen Gazagystana degişli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň