Soňky habarlar

Arhiw

«Instagramda» indi dowamlylygy 60 minuda çenli ýetýän wideolary ýerleşdirip we tomaşa edip bolar

16:3007.10.2021
0
4049

“Instagram” sosial ulgamy IGTV hyzmatynyň adyny “Instagram TV” diýip atlandyrdy we uzynlygy 60 minuda çenli bolan wideolaryň ýerleşdirilmegine rugsat berdi. Ozal IGTV-de diňe dowamlylygy 1 minuda çenli bolan wideolary ýerleşdirip bolýardy. Indi bu mümkinçilik 60 esse ulaldy.

«Instagram TV» wideogörnüşleri halaýanlaryň esasy merkezi bolup galar. Bu ýerde dürli hil görnüşindäki wideolar eleýeterli bolar.

2018-nji ýylyň iýun aýynda hödürlenen IGTV hyzmaty ulanyjylara uzyn wideo görmäge we göçürip almaga mümkinçilik berdi. «Rbc.ru»-nyň habaryna görä, IGTV-ni Instagram teleýaýlymyna üýtgetmek, sosial ulgam aýratyn IGTV wideo formatyndan dynmak bilen täzeden marka edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň