Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda süýt öndürilişi 215 tonna artdy

15:0407.10.2021
0
2244
Lebap welaýatynda süýt öndürilişi 215 tonna artdy

“Jeýhun.news”-iň habaryna bermegine görä, şu ýylyň dokuz aýy üçin Lebap welaýatynda süýdüň öndürilişi 1480 tonnadan gowrak boldy.

Bu görkeziji geçen 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 215 tonna köp. Lebaply telekeçiler tarapyndan diňe sentýabr aýynda 120 tonna süýt alyndy.

Çeşmäniň habar bermegine görä, welaýatyň çäginde iş alyp barýan telekeçileriň 54-si jemi 5300 süýt sygyryny saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň