Soňky habarlar

Arhiw

Ortaýer deňzini müňlerçe tonna plastik galyndylary heläk edýär

19:3706.10.2021
0
3486

Ortaýer deňzinde gury ýerdäki plastik galyndylaryň ýollaryny yzarlamak üçin işlenip düzülen gurluş müňlerçe tonna plastmassany kesgitledi.

“Lenta.ru”-nyň Frontiers in Marine Science neşirine salgylanyp habar berşi ýaly, bu ösüşiň netijesinde alymlar Ortaýer deňzinde ýüzýän 3,7 müň tonna plastmassany yzarlamagy başardylar. Hasaplamalara görä, Ortaýer deňzi plastik hapalanma nokady hasaplanýar.

Bu ýagdaý, esasan, gür ilatly kenar ýakasy, balykçylyk, gämi gatnawy, syýahatçylyk we ýerüsti suwlaryň Atlantik ummanyna çäkli akmagy bilen baglanyşykly. Ortaýer deňziniň biodürlüliginiň hapalanmagy bilen utgaşmagy ony ekologiki betbagtçylyk zonasyna öwürýär. Şeýlelikde, plastik galyndylar haýwanlaryň bedeninde tapylýar we iýmit bilen adam bedenine girýär diýip, «lenta.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň