Soňky habarlar

Arhiw

9 milliona çenli smartfonda «Google» hyzmatlary işlemez

19:0628.09.2021
0
4918

«Google» käbir köne Android ulgamlaryny goldamagy bes edýändigini habar berdi. Şeýlelikde, köne ulgamlary ulanýan ulanyjylar kompaniýanyň käbir hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezler. Has takygy, olar ulgamy täzelenmese ýa-da has döwrebap enjamlar satyn almasa, «YouTube» we «Gmail» ýaly hyzmatlara girmek mümkinçiligini ýitirer.

Bu çäklendirme Android 2.3.7 we has öň işleýän enjamlary ulanýanlara degişlidir. «3dnews.ru»-nyň habar bermegine görä, bu täzelik bilen baglanyşykly «Google» hyzmatlaryna girmek mümkinçiligini 6-dan 9 milliona çenli smartfon ýitirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň