Arhiw

Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

12:4428.09.2021
0
2549
Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün – 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu ýerde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy.

Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň, KHBS-niň wekilleri, şeýle-de köpsanly myhmanlar we at çapyşygyň janköýerleri gatnaşdylar.

Dürli aralykda dürli ýaşar atlaryň arasynda geçirilen at çapyşyklaryň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birinde bedewler özüniň iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

Soňra at çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary gowşumak dabarasy geçirildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy. Şeýle-de suratkeşdir nakgaşlaryň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewleriniň gözellik aýratynlyklaryny çeper beýan edýän döredijilik işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň