Soňky habarlar

Arhiw

«Brent» nyşanly nebit 79,8 dollara çenli gymmatlady

12:3828.09.2021
0
983

27-nji sentýabrda nebitiň birža bahasy 1 göterim gymmatlady. Irden Londonyň ICE Futures biržasynda Brent haryt nyşanly nebitiň bahasy 0,99 dollar gymmatlap, bir barrel üçin 79 dollardan hem geçdi. Geçen annada hem onuň nyrhy 0,84 dollar gymmatlady.

WTI markaly “gara altynyň” nyrhy hem Nýu-Ýorkuň haryt biržasynyň (NYMEX) elektron söwdalaşyklarynda 0,98 dollar (1,32 göterim) gymmatlap, bir barrel üçin 74,96 dollara deň boldy. Nebit bazary eýýäm bäşinji möwsümdir, ösmegini dowam edýär, kotirlemeleriň ýokarlanmagyna dünýäniň dürli sebitlerinde ýokanç bilen bagly çäklendirmeleriň gowşadylmagy şertlerinde nebite islegiň artmagy blen bagly bahalaryň hem gymmatlajakdygy baradaky çaklamalar sebäp bolýar.

Soňky on iki aýyň dowamynda kotirlemeler 80 göterim ýokarlandy. Nyrhlaryň ýokarlanmagyna energiýa bazarlarynda teklipleriň çäklendirilmegi hem sebäp bolýar diýip, ING Groep NV kompaniýasynyň çig mal bazarlarynda işlemek boýunça direktory Uorren Patterson “Blumberg” neşirine beren beýanatynda nygtady, ol bazarda nebite bolan islegiň ýene-de artjakdygyny çaklaýar.

Nebitiň bahasyny gymmatlamagyna tebigy gaz bazarynda, esasan hem, Ýewropada emele gelen ýagdaýlar täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Goldman Sachs Group Inc. kompaniýasynyň bilermenleri ýakyn döwürde “gara altynyň” bahasynyň barrel üçin 90 dollara barjakdygyny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň