Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

06:0827.09.2021
0
9610

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryny Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Milletiň Liderinniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

"Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi beýik sene — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 30 ýylda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, onuň halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny görkezdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Geçen döwürde biz mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly maksatnamalary üstünlikli amala aşyryp, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretdik we bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagy dowam edýäris.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şäherdir obalarymyzy düýpli özgertmek baş maksadymyza öwrüldi. Şu belent maksatdan ugur alyp, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglarynydyr saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplary, şäherdir obalary giň gerim bilen gurduk.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň ýolunda biz demokratiýany giňden ösdürip, döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde halk köpçüliginiň ornuny has-da ýokarlandyrdyk. Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşini döretmek bilen, ýurdumyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi bolsa, merdana halkymyzyň milli däplere we demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Eziz halkym!

Berkarar döwletimiz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara gatnaşyklarynda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan gatnaşyklarynda gymmatly tejribe toplady.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi, Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän wakalar boldy.

Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Biz bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde hem ählumumy maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmagyň bähbidine pandemiýa garşy göreşde tagallalary birleşdirmek, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşyklaryny dowam etdirmek, Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmak baradaky başlangyçlary öňe sürdük. «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek, maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça ählumumy forumy geçirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw berýän ýöriteleşdirilen düzümleriniň işini işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri hödürledik.

Umuman, geçen 30 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan ajaýyp üstünliklerimizden ruhlanyp, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda häzirki we geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna, berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin öňümizde has uly wezipeleri goýup, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gideris.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň