Soňky habarlar

Arhiw

Wepa Meredow: Türkmenistan — meniň ata Watanym

11:2925.09.2021
0
2559

«Türkmenportal» web saýtymyzda habar berşimiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara raýatlyk pasportlary gowşuryldy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda dünýäniň 21 milletiniň wekillerine berlen raýatlyk, olaryň baýramçylyk şatlyklaryny artdyrdy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy Wepa Meredow hem öz şatlygyny habarçymyza şeýle beýan etdi:

— Ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolýar. Türkmenistan ýaly abraýly ýurduň raýaty bolmak hem şeýle gymmatlyklaryň biridir diýip hasap edýärin. Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň gowşurylmagy bilen, maňa-da şeýle belent gymmatlyga eýe bolmak bagty nesip etdi. Öz adymdan, tutuş maşgalamyň adyndan sahawatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýaryn. Men Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynyň Hojeýli raýonynyň Naýmankul obasynda dogulsam-da, Türkmenistan — meniň ata Watanym. 1997-nji ýyldan bäri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýaşaýaryn. Perzentlerim şu mekanda doguldy, önüp-ösdi. Olara hem ýurdumyzyň raýatlarynyň pasportlaryny almak miýesser etdi. Bu bizi aýratyn buýsandyrýar. Sebäbi çagalarym — biziň dowamatymyz, olaryň geljegi öňde. Maşgalada dört çagam — üç oglum, bir gyzym bar. Oglum Elnur Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, gyzym Aýnur bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bilim alýar. Türkmenistanyň raýaty bolmak perzentlerimiz üçin has giň mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz, hem Bitarap ýurduň raýaty bolmak bizi täze-täze maksatlara ruhlandyrýar. Nesip bolsa, geljekde hem hormatly Prezidentimiziň özümiz üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ak ýürekden halal zähmet çekeris. Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Şu bagtly günde Türkmenistanyň raýatynyň pasportuny alan ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň