Italiýanyň meşhur markasy sanjymy wagyz edýär

16:2724.09.2021
0
1519
Italiýanyň meşhur markasy sanjymy wagyz edýär

Italiýanyň «Valentino» modalar öýi ýüzüne «Vaccinated» ýazgyly lybaslary satyp başlady. Bu ýazgy hemmeleri koronowirus pandemiýasyna garşy sanjym etdirmäge çagyrýar.

Modalar öýüniň direktory Pierpaolo Piksioliniň aýdyşy ýaly: «Sanjym ― bu global pandemiýa garşy göreşmegiň iň täsirli usuly, başgalara hormat goýmagyň we jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň nyşany boldy.

Sanjymlardan ýüz öwrüp, erkinlik düşünjesiniň arkasynda gizlenip bolmaz. Erkinlik hemişe goralmalydyr we biziň hemmämiz azatlyk ugrunda göreşmelidiris, ýöne başgalara hormat goýmalydyrys: özümiz bolmak azatlygy, pikir azatlygy, söýgi azatlygy, öz pikirlerimizi beýan etmek we olar üçin göreşmek gerek».

«Esquire.ru»-nyň habaryna görä, satuwdan alnan ähli girdeji, BSGG tarapyndan gurnalan COVAX maksatnamasyna goldaw bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň