Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” sergisine gatnaşar

23:3922.09.2021
0
3017
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” sergisine gatnaşar

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowyň hem-de daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyryjysy Omar Şehadeh bilen geçiren onlaýn duşuşygynda bu çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

mfa.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň nukdaýnazaryndan, Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara serginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, agzalan uly möçberli çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020” halkara sergä gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşman, eýsem dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga we türkmen halkynyň baý medeniýeti barada gürrüň bermäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň