Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda polisiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanmaga berildi

09:3723.09.2021
0
6273

Türkmenistanyň 30 ýyllyk toýy toýlanmagynyň bosagasynda Ahal welaýatynda ýene-de täze gurlan jaýlar ulanylmaga berildi. Mysal üçin, 48 öýli dört gatly jaý Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň we onuň bölümleriniň işgärleri üçin Aşgabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan doly taýyn edilip tabşyryldy.

Ilatyň rahat ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilen ýaşaýyş toplumynyň meýdany 8179 inedördül metre barabar. Onuň gurluşygy üçin häzirki zaman enjamlary we ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylyp, şunuň ýaly taslamalarda uly tejribe toplan ussat hünärmenler işe çekildi.

Nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy Ahal welaýat merkezinde, häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek ugrunda ýene bir ädimdir. Ýaşaýyş jaý gurluşygy we sebitleriň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça maksatnamalardyr taslamalaryň çäklerinde senagat, durmuş we medeni maksatly köpsanly desganyň bina edilýändigini, şäherleriň, obalaryň abadanlaşdyrylýandygyny bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň