Arhiw

«Facebook» kompaniýasynyň akylly äýnekleri ýewropaly sazlaýjylarda soraglar döredýär

17:3021.09.2021
0
3552

Ýewropaly sazlaýjylar (regulýatorlar) «Facebook» kompaniýasyndan «Ray-Ban» bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde çykaran täze akylly äýnekleriniň meýdan synaglaryny soradylar.

Italiýaly sazlaýjy (regulýator) «Garante» we Irlandiýadaky Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy wideo ýazgy görkezijisiniň çyrasynyň beýleki adamlara ýeterlik derejede görünýändigini tassyklamagy talap edýär.

Mundan başga-da, edaralar Piar-kampaniýasynyň başgalara aç-açan duýduryş bermezden ýazga geçirmäge mümkinçilik berýän täze enjamynyň zerurlygy barada «Facebook» kompaniýasyna habar berdi. Akylly äýnekdäki kamera görkezijisiniň kiçi göwrümi sebäpli, sazlaýjylar (regulýatorlar) adamlaryň surata düşürilýändiklerinden habarsyz bolup biljekdigini aýdýarlar. Bu bolsa öz gezeginde gizlinligi we şahsy durmuşy bozmak töwekgelçiligidir.
vc.ru web sahypasynyň habar bermegine görä, «Facebook» kompaniýasy sentýabr aýynyň başynda wideo düşürmeklige we gulaklyksyz (nauşniksiz) aýdym diňlemeklige niýetlenilen ilkinji akylly äýnegini hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň