Soňky habarlar

Arhiw

«EGE Logistic» kompaniýasy halkara we üstaşyr geçirmeleri amala aşyrýar

17:0720.09.2021
0
4782

Ulag-logistika kompaniýasy bolan «EGE Logistic» Türkmenistanda öňdebaryjy logistika kompaniýalarynyň biridir. Bu kompaniýa halkara we üstaşyr geçirme hyzmatlaryny hödürleýär.

«EGE Logistic» kompaniýasynyň hyzmatlary diňe bir eksport we import däl, eýsem gysga wagtyň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň üsti bilen üstaşyr geçirmeleriň we haryt daşamagyň çykdajylaryny hasaplamagy hem öz içine alýar. Hyzmatlarynyň ýokary hili sebäpli «EGE Logistic» kompaniýasy başarnykly hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy. Bu kompaniýanyň öz demir ýol wagonlary bilen demir ýol arkaly haryt daşamaklykda hem uly tejribesi bar.

«EGE Logistic» kompaniýasynyň uly artykmaçlygy bu ýerde onlaýn ýüz tutmak mümkinçiliginiň döredilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «EGE Logistic» kompaniýasynyň web sahypasynda aýratyn pudak bar. Bu ýerde isleýänler harytlary barada degişli maglumatlary girizip we daşamagyň şertleri bilen tanşyp bilerler. Ýük iberijiniň we alyjynyň maglumatlaryndan başga-da, ulag görnüşi, üstaşyr geçiriljek ýoly, harytlaryň saklanyş şertleri we beýleki mümkinçilikler ýaly maglumatlary girizip bolýar. Maglumat iberilenden soň, kompaniýanyň operatory müşderi bilen habarlaşar we ýüz tutmany tassyklar. Ulanyjy üçin amatly interfeýs we jikme-jik maglumatly taýýar görnüşler wagt tygşytlar we müşderiniň işini ýönekeýleşdirer. Şeýle hem, bu web sahypada kompaniýanyň goşmaça hyzmatlary barada maglumat tapyp bilersiňiz.

«EGE Logistic» kompaniýasy Merkezi Aziýada we Ýewropada demir ýol ulag logistikasy boýunça köp ýyllyk tejribä eýedir. Bu kompaniýa, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän howpsuz we ygtybarly hyzmatlary bilen meşhurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň