Soňky habarlar

Arhiw

Emmi - 2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

16:1220.09.2021
0
2321
Emmi - 2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

"Täç", "Ted Lasso" we "Perziniň göçümi" seriallary Emmi telewizion baýragyna mynasyp boldular.

Iň gowy drama serialy hökmünde ykrar edilen "Täç" teleserialy dalaşgärleriň umumy sany boýunça öňdebaryjylygy eýeledi we birbada 24 ugur boýunça baýraklara dalaş etdi. Ondan başga-da, iň gowy drama serialy diýlen ada eýe bolmak ugrunda “Mandalorly”, “Oglanlar”, “Bridjertonlar”, “Öýdeniçeriň hekaýatlary”, “Lawkraftyň ýurdy”, “Görnüş” we “Bu - biz” filmleri hem bäsleşdi.

“Ted Lasso” iň gowy komediýa serialy diýen ada mynasyp boldy. Bu ugurda ol “Gara komediýa”, “Kobra Kai” filmlerini yzda galdyrmagy başardy.
Iň oňat mini-serial diýlen ugur boýunça bolsa ýedi bölümden ybarat “Perziniň göçümi” serialy ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň