Soňky habarlar

Arhiw

Filippin boksçysy Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy

09:4420.09.2021
0
983

Flippin boksçysy we senator, Menni Pakýako diýen at bilen belli bolan Emmanuel Dapidran Pakýako 2022-nji ýylda öz Watanynda geçjek Prezident saýlawlarynda bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlik etmekçi, bu barada CNN Philippines teleýaýlymy habar berdi. Ol saýlawlara “Filippin demokratik partiýasy-Halk häkimýetliligi üçin” (PDP-Laban) syýasy fraksiýasynyň adyndan gatnaşar. Ýeri gelende aýtsak, Pakýako bu birleşmä ýolbaşçylyk edýär.

Filippinleriň häzirki Prezidenti Rodrigo Duerte 2022-nji ýylda ýurduň hökümet başlyklygyna geçiriljek saýlawlarda bu fraksiýadan dalaşgärlige resmi taýdan teklip edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň